- durmuş
- 1) Ýaşaýyş döwri, zaman, ömür.∙ Bagtly we şatlykly durmuş.2) Filosofiýa Biziň aňymyza bagly bolmadyk obýektiw reallyk, materiýa, tebigat.∙ Durmuş aňy kesgitleýär.3) Jemgyýetiň maddy ýaşaýşynyň şertiniň jemi, güzeran, ýagdaý.∙ Onda peselen durmuşyny ýokary galdyrmak höwesi bar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)4) Bütin durşy, durky, göwresi.∙ Ol durmuşy bilen gagşaýardy. (A. Gowşudow, Powestler We Hekaýalar)◊ durmuş görmek1) Köp meseleler boýunça düşünjeli bolmak, köp zady başdan geçirmek.∙ Bu adam birnäçe ýyl jigit bolup gulluk eden we onda-munda oturylyşyklarda bolup, az-kem durmuş gören adamdy. (A. Gowşudow, Powestler We Hekaýalar)2) Ýaşamak, güzeran görmek.◊ durmuşa çykmak — Biri bilen goş birikdirmek, äre barmak, ýaşaýyş gurmak.∙ Uly gyzy bir eýýäm durmuşa çykyp, ondan bir gyzjagaz hem bolupdyr. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)◊ durmuşa geçirmek — Bir işi amala aşyrmak, iş ýüzüne geçirmek.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.